Telekeçilik ulgamynyň batly gadamlary

10 Ýanwar 2024
831

Häzirki günlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň esasy maksady Türkmenistanda bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek, hünärmenleriň hünär bilimlerini, olaryň işewürligini kämilleşdirmek, ýetginjekleriň we uly ýaşlylaryň bu ugurdaky bilime bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Telekeçilik mekdeplerimizde iňlis, nemes, hytaý, rus dilleriniň, fizika, himiýa, taryh dersleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

Sapaklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmeklige döredilýän mümkinçilikler, bu ugry emele getirmegiň we ýöretmegiň hukuk esaslarynyň ýurdumyzyň kanunçylyk namalaryndan gelip çykyşy hem-de döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikler barada giňişleýin düşündirilýär. «Telekeçiler mekdebi» Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň döreden «https://telekechilermekdebi.edu.tm/» atly internet saýtynda, esasan, mahabat işlerini alyp barýarys. Ony mekdebimiz baradaky täze maglumatlar bilen baýlaşdyrýarys. Şeýle-de, mekdebimizi tamamlan diňleýjileriň maglumat bazasy döredildi. Şol saýt arkaly okuwyny tamamlan diňleýjiler bilen aragatnaşyk saklamak we olardan gelýän teklipleri öwrenmek, degerli maslahatlar bermek ýola goýuldy.

Aköýli ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň baş direktory.
Beýleki habarlar