Ýaşlar — ýurduň geljegi

10 Ýanwar 2024
1017

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy tamamlanan ýylymyzyň ýakymyny has-da artdyrmak bilen, täze ýylymyza berk ynam, beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň geljegini ýurdumyzyň röwşen ertiri we şanly ösüşleri, olaryň ukyp-başarjaňlygyny ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty bilen baglanyşdyrmagy biziň her birimizde ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan şadiwanlarynda ynamyň ganatlandyryjy, güýçlendiriji we ruhlandyryjy gudrata eýedigini belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Ajaýyp eseri okap başlan badyňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy kalbyňy gaplap alýar. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler dogrusynda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýşi ýaly, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşýandygy kitapda giňişleýin beýan edilýär. Bu ajaýyp eseriň türkmen ýaşlarynyň üstünlikleriniň özboluşly beýanydygy tutuş halkymyzda, şeýle-de daşary ýurtlaryň wekillerinde hem uly gyzyklanma döredýär. Ýaşlaryň sagdyn ösmekleri, döwrebap bilim, asylly terbiýe almaklary ugrunda orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, sungat mekdepleriniň häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap binalary gurulýar. Bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar.

Durdyguly MEREDOW,
Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar