Asman mebelleri — ak öýleriň bezegi

10 Ýanwar 2024
926

Ýaş işewür Alyşir Resulow Türkmenabat şäherinde özüniň kiçeňräk mebel önümçiligini açyp, indi 4 ýyldan bäri «Asman» haryt nyşanly ýokary hilli mebelleri öndürip gelýär. «Asman» mebelleri, esasan-da, bezeg aýratynlyklary, hiliniň ýokarylygy, amatly bahasy bilen iň geçginli harytlaryň hatarynda tanalýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Alyşir Resulow welaýatymyzda tanymal işewürleriň hatarynda tanalýar. Hünäri boýunça ykdysatçy bolan Alyşiriň aýtmagyna görä, ol häzirki eýelik edýän mebel sehiniň işini göwnejaý ýola goýýança girdejiniň deregine diňe tejribe gazanypdyr. Emma hakyky telekeçä mahsus bolan höwesjeňlik, özdiýenlilik, maksada okgunlylyk we ylalaşyklylyk ýaly häsiýetleri özünde jemlän Alyşiriň işleri tiz ugrugypdyr. Onuň mebel sehinde ilkibaşda mebelleriň bary-ýogy on görnüşi öndürilýän bolsa bu görkeziji häzir ýarym müňe golaýlaýar.

Atanyýaz ZÜLPIÝEW.
Beýleki habarlar