Ene toprak bereket eçilýär

10 Ýanwar 2024
856

Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bazarlarynda biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde telekeçilerimiz has möhüm orunlary eýeleýärler. Hususy önüm öndürijileriň aglabasy diňe bir içerki bazarda öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen çäklenmeýär. Dürli görnüşli önümleri başga döwletlere-de eksport edýärler hem-de önümleri ýerlemek üçin täze bazarlary işjeň ýagdaýda gözleýärler.

Şolaryň birisi hem Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde pomidor ýetişdirmek üçin 2 gektar ýerde hususy ýyladyşhanasyny döreden Güljahan Haýidowadyr. Telekeçi zenan adamsy Ikram bilen hormatly Prezidentimiziň ilaty azyklyk önümler bilen üpjün etmek baradaky sargytlaryny ýerine ýetirmegi öz hususy işlerinde esasy ugur hökmünde saýladylar. Ekerançylyk üçin bölünip berlen ýerde bolelin hasyl ýetişdirmek üçin tutanýerli zähmet çekdiler. Bu ýerde ekin ýetişdirmek üçin ähli şertleri üpjün etdiler. Suw üpjünçiligini gowulandyrdylar, elektrik, gaz ulgamyny çekdirdiler. Ýer ekişe taýýar bolanyndan soňra 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda pomidoryň Gollandiýadan getirilen «Marwelans» görnüşiniň tohumyny ekdiler. Täze ýylyň başyndan hem hasylyny ýygnap ugradylar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar