Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

9 Ýanwar 2024
132

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Beýleki habarlar