Resmi habarlar

9 Ýanwar 2024
251

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan hat geldi.  Onda: “Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ahmet Demiroky Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň şahsy häsiýetleri, tejribesi hem-de başarnyklary özüne ynanylan ýokary wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyny gazanmaga mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär”diýlip bellenilýär.

***

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar