Ylym-bilim ulgamynyň binýady pugtalandyrylýar

8 Ýanwar 2024
280

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar