Çaga – durmuşyň güli

5 Ýanwar 2024
259

Çaga ýaşajyk nahala meňzeýär. Nahalyň ösüp, boý almagy üçin irginsiz, yzygiderli idi-yssywat, ýaş nesliň kemala gelmegi üçin üns-alada zerur. Onda-da çaga howandarlyga, ruhy goldawa mätäç bolsa, oňa sahawatly goluňy uzatmak, onuň kämil ynsan bolup ýetişmegi hakynda alada etmek halkymyzda parz hem haýyrly iş hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kemala gelýän, ylym-bilimli, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesiller halkymyzyň, ata Watanymyzyň geljegi hasaplanýar. Häzirki wagtda çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Sahawatlylygy, ynsanperwerligi ýörelge edinen pederlerimiziň nusgalyk ýoluna eýerilip, ýaş nesil hakynda alada etmek, esasan-da, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amal edilýän sahawatly işler bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyna nur bolup röwşenlik bagyşlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurduna öwürmek babatda aýdan sözleri halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy, ýaş nesliň bagtyýar geljeginiň has nurana boljagyna ynam döretdi. Çagalaryň şadyýan gülküleri - bagtyýarlygyň nyşanydyr.

Beýleki habarlar