BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2026 – 2035-nji ýyllary «Durnukly ulagyň onýyllygy» diýip atlandyrdy

8 Ýanwar 2024
298

Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag we energetika boýunça iki Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamalar BMG-niň 6 resmi – iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde ýaýradyldy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.

«Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» atly Kararnama dünýäniň 47 döwlet, «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamany bolsa 38 döwlet goldap, awtordaşlyk etdi.

Beýleki habarlar