Sanly ulgam bilen sazlaşykly

7 Ýanwar 2024
733

Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelip, bu ugurdaky iş alyp barýan wekillere uly ynam bildirilýär. Şunlukda, importyň möçberini azaltmak, eksport ugurly harytlaryň sanawyny artdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, söwda we hyzmatlar ulgamyny giňeltmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bagtyýar döwrümiziň bu aýratynlyklary döwrebap innowasiýalary ornaşdyryp, ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýän Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän «Ak kent» hususy kärhanasynyň işinde hem aýdyň duýulýar.

Dünýä bilen hyzmatdaşlykda bolup, döwre aýakdaş gitmek islendik ugurda derwaýys bolşy ýaly, ýurdumyzyň hususy telekeçilik ulgamynda hem iňňän ähmiýetlidir. Watanymyzda häzirki we geljekki nesilleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, durmuş-ykdysady wezipeleri netijeli çözmek, durnukly ösüş gazanmak, öňi bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazanýan üstünliklerine baglydyr. Şoňa görä-de, Gahryman
Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar zamanamyzda döwletimiziň okgunly öňe gitmeginde kiçi we orta telekeçiligi goldamaga uly üns berilýär.

Beýleki habarlar