“Kitap okan gullar magnydan dokdur”

4 Ýanwar 2024
334

Türkmen halky kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem halkymyzda kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde ýöredilip gelinýär. Biz muny köpsanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň edebi mirasyndan hem aýdyň görýäris. Bu bolsa kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly ornunyň bardygyny subut edýär. Maşgalada her bir ata-ene, çagalar baglarynda terbiýeçi, umumybilim edaralarynda bolsa mugallym ýaş nesliň asylly terbiýeli, ýokary bilimli bolup ýetişmegi, adamkärçiligiň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän, Watana, il-güne, halkyna gerekli adamlar bolup kemala gelmegi ugrunda alada edýärler. Olarda okamaga bolan höwesi, söýgini döretmekde bolsa dürli usullardan peýdalanýarlar. Kiçilikden çaganyň aňyna kitap okamagy guýmak zerurdyr. Kitaby özüne dost edinen çaga jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapýar.

Kitap adama akyl-paýhas berýär. Kitaby köp okaýan adamyň sözlük gory hem baýlaşýar. Ýaş nesli terbiýelemekde, olara bilim bermekde kitabyň hyzmaty örän uludyr. Kitaby okap, onuň many-mazmunyna göz ýetirip bilýän çaganyň gözýetimi giňeýär, dogryny-nädogryny saýgarmagy başarýar, dil baýlygy ösýär, kämilleşýär. Kitaplary okap, geçmişimiz, şu günümiz, ertirimiz bilen tanşyp bilýäris, dünýä akyl ýetirýäris. Ata-babalarymyz ruhy hazyna bolan kitabyň gadyr-gymmatyny belent tutupdyrlar. Kitap okaýan bilimli, sowatly adamlara uly sarpa goýupdyrlar. Olar kitap okaýan adam hakynda hiç hili söz bolup bilmejekdigine, hatda ony diňläp oturan adamyň hem bihal däldigine göz ýetiripdirler. Şeýle bolansoň, çagalarynda-da ýaşlykdan kitap okamak höwesini döretmek üçin aladalanypdyrlar.

Beýleki habarlar