Kitap çagalaryň ýakyn dosty

4 Ýanwar 2024
458

Tamamlanan ýyl ähli ulgamlarda bolşy ýaly, welaýat çagalar kitaphanasynda hem üstünlikler bilen jemlendi. Has takygy, 2023-nji ýylyň dowamynda çagalar kitaphanasynda körpe we kiçi ýaşly okyjylara dürli neşirleriň 103 müň 230 nusgasy hödürlenildi. Şolardan 13 müň 876-sy syýasy, 19 müň 978-i çeper, 32 müň 659-y çagalar we 36 müň 717-si dürli ugurlara degişli edebiýatlardyr.

Şeýle-de kitaphanamyzda geçen ýylda okyjylaryň 10 müň 287-si goşuldy. Geçen ýyl «Galkynyş» kitap merkezinden täze neşirleriň 473-si kitaphananyň gaznasyna goşulyp, bu ýerde jemi neşirleriň sany 118 müň 31-e barabar boldy.

Aziza EGEMBERDIÝEWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar