Bereketli saçaklaryň bezegi

3 Ýanwar 2024
727

Bütin älem-jahan Täze ýyly ýagşy niýetler, arzuwlar bilen garşylady. Agzybirligiň, şatlyk-şowhunyň, bereketiň baýramy bolan Täze ýyl, aýratyn-da, çagajyklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary paýlaýan baýramçylyklarynyň biridir. Olar paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän bagy-bossanly, suw çüwdürimli seýilgählere seýil edip, gözellikden teşneligini gandyrýarlar. Täze ýyl maşgala baýramçylygydyr. Bu baýramçylykda ildeşlerimiz dürli-dümen tagamlary bişirip, birek-birege iň gowy arzuwlary etdiler. Baranyňda ruhuňy göterýän ak bazarlarda gyzgalaňly dowam edýän söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygy, hödürlenilýän önümleriň köpdürlüligi, şeýle hem azyk we senagat harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Täze ýyl saçaklaryny bezemekde «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer dükany hem müşderileriň uly söýgüsini gazandy. Biz hem «Zyýat Hil» konditer dükanynyň menejeri Gurbangözel Moşikowa bilen Täze ýyl baýramy, ildeşlerimiz üçin hyzmatlaryň guralyşy babatda söhbetdeş bolduk.

— Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz telekeçileri giň gerimde goldaýar. Bu günki gün türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem giň orun aldy. Biziň «Zyýat Hil» konditer dükanymyz 2021-nji ýylda açylyp, gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli ýaşdaky ýaşaýjylarynyň iň arzyly ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde öz işine ussat işgärler öndürijilikli zähmet çekip, konditerleriň we tortlaryň dürli görnüşlerini, türk pahlawalaryny, keksleri, maffinleri we süýjülikleri taýýarlaýarlar. Mundan başga-da, Täze ýyl saçagymyzyň bezegi bolan «medowik», «napoleon», «snikers», «polýot», «baunti» ýaly tortlaryň dürli görnüşleri ildeşlerimize hödürlendi. Telekeçilere önüm öndürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri has-da rowaçlansyn!

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar