Köýtendagdaky «Ak bulut»

2 Ýanwar 2024
773

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň telekeçilerine giň goldaw bermegi netijesinde ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinde Türkmenistanyň Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ak bulut» hojalyk jemgyýetine degişli «Gurluşyk gury garyndylaryny öndürýän zawody» açylyp, ulanylmaga berildi. Geoykdysady taýdan amatly künjekde ýerleşýän bu zawodyň önümçiligi üçin Köýten daglarynyň gips daşlarynyň baý känleri çig mal bolup hyzmat eder. Ýylda 4 million inedördül metr gipsokarton we 50 müň tonna gury gurluşyk garyndylary öndürmäge niýetlenen bu zawod Türkiýe, Hytaý döwletleriniň döwrebap enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Bu zawodyň işe başlamagy bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmäge, şeýle hem raýatlaryň onlarçasyny täze iş orunlary bilen üpjün etmäge doly mümkinçilik berýär. Gipsokarton, gury garyndy şeýle hem gurluşyk gipsi, winil örtükli asma, gipsokarton akustik asma, metal asma, agaç akustik potoloklary, dekoratiw we akustik diwar gaplamalary, profil ulgamlary we beýleki gurluşyk harytlaryny öndürýän «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň esasy maksatlary bolsa ýokary hilli önümleri öndürip, dünýä bazaryna çykarmakdan, önümçilige sanly ulgamy doly ornaşdyrmakdan, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde hem täze iş orunlaryny döretmekden, bu ýerde işleýän işgärleriň, hünärmenleriň bilimlerini artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda kärhananyň öndürýän önümlerine bolan isleg örän uly.

Bagtyýar türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Sonagül HUDAÝBERENOWA,
TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar