Ýyldan serpaýly ýaşlar

28 Dekabr 2023
605

Guwançmyrat ALLANAZAROW,
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň 1-nji derejeli artisti:

— Döredijilik adamsy hökmünde on bäş ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýärin. Teleýaýlymlarda goýberilýän milli äheňli şekilli aýdymlaryň 500-den gowragyna, telefilmleriň 10-dan gowragyna režissýorlyk etmegim, teatrda goýulýan oýunlary sahnalaşdyrmagym, döwlet çäreleriniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşýan goşandym üçin hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldum. Şu günler hem Täze ýyl baýramyna bagyşlanan «Yşyk» atly telefilmi ýaýlyma goýbermegiň üstünde zähmet çekýäris. Türkmen sungatynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden hoşallygymyzy aýdýarys.

Taýýarlan ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar