Türkmenistan pomidoryň uly tapgyryny eksport etdi

24 Dekabr 2023
881

Ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy Russiýa, Gazagystana we Gyrgyz Respublikasyna pomidor hasylynyň 439 tonnasyny eksport etdi.

Kärhananyň işgärleri ösdürip ýetişdirmäge durnukly görnüşleriň ekilmeginiň we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmaga ähmiýet berip, şu ýylyň 10 aýynda 730 tonna hasyl aldylar.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm
Beýleki habarlar