Hojalyýewleriň «Hojaly» hojalyk jemgyýeti

24 Dekabr 2023
865

«Hojaly» hojalyk jemgyýetini telekeçi Tirkişmyrat Hojalyýew esaslandyrýar. Bu kärhananyň öz haryt nyşanyny «Kilwan» diýip atlandyrmagy bolsa, esasy öndürilýän önümleriň bugdaý unundan bolmagy bilen baglanyşdyrylýar. Ýeri gelende aýtsak, «Kilwan» sözi degirmen diýmekligi aňladýar.

«Hojaly» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylyň 18-nji martynda we 1-nji aprelinde daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmak arkaly ýumşak, petir, şokolad we karamel örtükli köke we wafli önümlerini awtomatik usulda dünýä ülňülerine laýyk gelýän görnüşde öndürjek zawody gurýar. Hut şol senedenem, zawod öz işine başlaýar. Bu zawod Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary tarapyndan taýýarlanylandyr. Zawodyň tutýan meýdany 1 gektara barabar bolup, onda, takmynan, 100-den gowrak adam zähmet çekýär. «Hojaly» hojalyk jemgyýeti özüniň konditer  önümlerini türkmen bazarlaryna «Kilwan» haryt nyşany bilen satuwa çykarýar. Enjamlaryň önümçilikde bökdençsiz işlemeginiň ýola goýulmagy bilen, ýerli çig mallary ulanmak arkaly, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleriniň önümçiliginiň gerimini barha artdyrýar. Kärhana ilkinji gezek 3 kilogram agramly gaplamalarda gaplanan «Altyn däne», «Seýrana» haryt nyşanly şekerli kökeleri, «Pasyllar» haryt nyşanly petir kökesi bilen bazara çykýar. Bu kökeleriň ýaramlylyk möhleti  9 aýdan 1 ýyla çenlidir. Tejribeler esasynda öz işini ymykly ele alan «Hojaly» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda konditer önümleriniň 100-e golaý görnüşini öndürýär. Olardan «Wasp», «Has», «Kesp», «Rende», «Seýrana», «Pasyllar», «Altyn däne», «Wada», «Asyýa», «Mardop», «Özge» ýaly kökeler we «Tans» atly waflileri halk arasynda uly isleg bildirilýän görnüşlerdir. «Hojaly» hojalyk jemgyýeti «Kilwan» haryt nyşanly «Kesp» we «Rende» kökeleriniň öň banan, pyrtykal, erik tagamly görnüşlerini öndürýärdi. Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, bu kökeleriň täze goýadylan süýt tagamly görnüşini öndürip başlady.

Medine TAHYROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar