Dostluk — ruhy jebislik

21 Dekabr 2023
1232

Türkmen-özbek dostlugy köküni halklarymyzyň gadymy taryhy ýolundan alyp gaýdýar. Özbegistanyň alymlary, ylmy-döredijilik intelligensiýasy beýleki ugurlar bilen birlikde dil, edebiýat, medeniýeti öwreniş ylymlary boýunça hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özi ýurtda ýaşlara iňňän uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Ýylyň jemlenilmegi mynasybetli Aşgabatda ýaşlaryň uly forumynyň, halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanan türkmenistanly ýaşlary sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi hakyndaky täzelik, bu forumyň çäklerinde geçirilýän wideoýazgylara gatnaşmagymyz bizi örän begendirýär.

Meniň kakam filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Kerimbaý Kurambaýew türkmen-özbek edebiýatynyň umumylyklary, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda köp işleri alyp baran özbek we türkmen alymy hökmünde tanalýar. Kakama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Magtymguly Pyragy» medalynyň gowşurylmagy biziň maşgalamyz üçin aýratyn gymmatlydyr. Men hem peder ýoluny dowam etmek bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny alyp barýaryn.

Gülendam KURAMBAÝEWA,
dosent, filologiýa ylymlarynyň doktory, Özbegistan Respublikasy.
Beýleki habarlar