Türkmen bitaraplygynyň giň mümkinçilikleri

21 Dekabr 2023
2285

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişliginde sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tamamlanyp barýan 2023-nji ýyly dünýä derejesinde «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň mazmunyny taýýarlady hem-de ol bu gurama agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Kararnamada parahatçylyga we ynanyşmaga halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş öz beýanyny tapdy.

Gunça IŞANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar