Daýhan yhlasy — bereket çeşmesi

14 Dekabr 2023
673

Etrap merkeziniň edil golaý gabadyndan bugdaýly meýdanlaryň nazara sygmaýan hatarlary başlanýar. Gyş paslynyň ak säherinde gözýetime uzap gidýän giňişligiň tutuş durkunda ýerden esli saýlanan ýaşyl maýsalaryň epin tutmadyk tekiz düşegi öwşün atýar. Biri-birine ýanaşyk bu meýdanlaryň sesýetiminde yzy tirkegli traktor işläp ýör. Seteran agaçlar bilen gurşalan çiliň boýunda duran daýhan onuň her öwrüminden gözlerini aýyrman, ünsli synlaýar.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şyhmyrat Saparow bilen tanyşlygymyz şeýle ýakymly görnüşlerden başlandy. Kuwwatly traktoryň giň meýdanyň aňry çetine ugur alaryna mähetdel, kärendeçi bu işlerden göwnüniň hoşdugyny ýaňzydyp ýylgyrdy.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar