Täze hasyldan geçginli harytlar

13 Dekabr 2023
506

Şu günler biziň kärhanamyzda işiň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär, ýagny üstümizdäki ýylyň pagta hasyly gaýtadan işlenilýär. Ähli hünärmenlerimiz bu jogapkärli möwsüme taýýarlykly geldiler. Tomusda pagta arassalaýjy enjamlaryň abatlygy doly gözden geçirildi. «Ak altynyň» hasylyny daşajak traktorlar, olaryň tirkegleri hem ähli talaplara laýyk getirildi. Şeýle çäreler kärhanamyzyň garamagyndaky pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 3-sinde hem amala aşyryldy. Netijede, kärhanamyzyň zähmetkeşleri täze hasyly gaýtadan işlemäge bellenilen möhletlerde girişdiler. Ondan pagta süýümi, çigidi, pagta galyndylary bolan ulýuk we lint öndürilýär.

Pagta süýümi ýurdumyzyň dokmaçylyk kärhanalarynyň 12-den gowragyna iberilýär. Bu kärhanalarda, öndürilen önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Babamyrat SOPYÝEW,
Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar