Önüm öndürijiler höweslendirilýär

13 Dekabr 2023
609

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti oba hojalyk önümlerini öndürijileri giňden goldap, möhüm çözgütleri kabul edýär. Olaryň birinde 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän beýleki önümler bilen birlikde bugdaýyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahadan satmak bellenilipdi. Bu ilhalar çözgüdi ýerine ýetirmek işine Dostlugyň galla önümleri kärhanasynda jogapkärli çemeleşilýär.

Kärhananyň hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň geçen döwründe önüm öndürijilere kärhana tarapyndan kepegiň 3900 tonna golaýy goýberildi. Topragyň berekedini artdyryp, bol önüm öndürýän ýer eýeleri özlerine degişli kepegi bökdençsiz alýarlar. Olaryň arasynda Muhiddin Gurbanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Zähmetkeş daýhan» daýhan hojalygy hem bar. Bu daýhan hojalygyna kärhana tarapyndan kepegiň 37 tonnasy goýberildi. Şeýle çemeleşme daýhanlary has netijeli zähmet çekmäge höweslendirýär. Olar ýer eýelerini giňden goldaýan döwlet Baştutanymyza köp-köp sagbolsun aýdýarlar.

Mämmet GYLYJOW.
Beýleki habarlar