Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi

12 Dekabr 2023
355

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar.

Toparyň 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda oňa 25 döwlet goşuldy. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar