Baýramçylyga sowgatly geldiler

12 Dekabr 2023
411

Daşoguz welaýatynyň şalyçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 8 müň 100 gektar meýdana şaly ekip, bu gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Ösdürilip ýetişdirilen şalynyň ählisi welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky şalyçylyga ýöriteleşdirilen «27-nji oktýabr» we S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerine degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu gymmatly «sary altynyň» agramly bölegini ýygnamak S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçylarynyň paýyna düşýär.

Daýhan birleşiginiň edermen şalyçylary häzirki günde 4 müň 750 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen şalynyň bereketli hasylyny ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagyň hötdesinden geldiler. Daýhan hojalygynyň işgärleriniň, mehanizatorlarynyň hem-de 400-den gowrak edermen şalyçylarynyň gije-gündiz agzybirlikde çeken halal zähmeti netijesinde 21 müň 500 tonnanyň deregine, 21 müň 605 tonna golaý şaly hasyly ýygnalyp, şu ýyl üçin göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuna şalyçylaryň zähmet sowgady boldy. Bellenen sepgide üstünlikli ýeten şalyçy kärendeçiler bu bereketli hasyly soňky dänesine çenli isripsiz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler.

Nazly NAZLYÝEW,
TKA-nyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň hasapçysy.
Beýleki habarlar