Datly çörekler – toý saçaklarynyň ýaraşygy

12 Dekabr 2023
491

Ilaty ak bugdaýyň uny, çörek we çörek önümleri ýaly gündelik isleg bildirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde kärhanamyzyň işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler. Ýeri gelende aýtsak, welaýat boýunça öndürilýän un we çörek önümleriniň saldamly bölegi biziň kärhanamyzda öndürilýär. Kärhanamyzda dürli kuwwatlykdaky degirmenleriň ikisi bolup, olaryň güýji bilen her gije-gündizde 180 – 200 tonna golaý bugdaý üwelýär.

Kärhanamyzyň agzybir işgärleri şu ýylyň geçen 11 aýynda hem öndürijilikli işlediler. Şu döwürde kärhanamyzda ýokary, birinji, ikinji görnüşli unuň 53 müň 818 tonnasy öndürilip, ilata ýetirildi we un önümçiliginde gazanylan ösüş 100 göterime barabar boldy. Şu döwürde kärhanamyzda bugdaý ýarmasynyň 1 müň 150 tonnadan gowragy, manny ýarmasynyň 37 tonnasy öndürilip, ilata ýetirildi.

Arslan HANJANOW,
«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň baş ykdysatçysy.
Beýleki habarlar