Geljek ýylyň aladasynda

12 Dekabr 2023
358

2024-nji ýylyň hasyly üçin Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 36 müň 900 gektara sebitiň toprak-howa şertlerine kemsiz uýgunlaşan, köp hasyl berýän, kesellere garşy durnukly bugdaý ekip, geljek ýylda mähriban Watanymyzyň galla harmanyna azyndan 74 müň tonna guşgursak dänäni goşmagy meýilleşdirýän Sakarçäge etrabynyň gallaçylary bereketli hasylyň düýbüni mäkäm tutdular.

Öz wagtynda, gysga möhletde, talabalaýyk ekişi amala aşyran zähmetsöýer adamlaryň yhlaslary ýerine düşdi. Ekinler hatasyz gögerip, atyzlar ýaşyl dona bürendiler. Ülpüldeşip oturan maýsalary görüp ruhlanýan ekerançylar ak ekini alada bilen gurşadylar. Ekin meýdanlaryny karbamid bilen iýmitlendirip, ösüş suwunyň depginini güýçlendiren kärendeçiler, ýer eýeleri işleriň hiline berilýän ünsüni hem pugtalandyrdylar. Bir we iki ülüşli otlary eýikdirmezlik üçin derwaýys işleri dowam etdirýärler. Gerbisid dökünlerini agrotehniki kadalara laýyk ulanmak arkaly haşal otlary düýp-teýkary bilen ýok etmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar.

Gurbandurdy MAWYÝEW,
TAP-nyň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar