Dialog — parahatçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň kepili

12 Dekabr 2023
440

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum geçirildi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Watanymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, döwletimiziň taryhynda täze eýýamy açdy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýurdumyzyň halkara hukuk derejesini tassyklaýan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Halkymyzyň parasatly durmuş filosofiýasyny we gadymdan gelýän ynsanperwer däplerini özünde jemleýän bu hukuk derejesi BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar