Ählumumy parahatçylygyň nusgalyk ýoly

9 Dekabr 2023
628

Dünýäniň biziň ýurdumyzy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde tanaýandygy baradaky hakykat oý-hyýallaryňa tereňlik, ruhuňa gözellik çaýýar. Watandaky abadan, asudalyk, il-günüň ýüzündäki mähribanlyk buýsançly başyňy göge ýetirýär. Ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň pasyrdap durmagy, şadyýan çagalaryň gülküsi göwnüňe hoş ýakýar.

Pederlerimiziň ruhy siňen eziz Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda edil ertekilerdäki ýaly juda çalt özgerýär. Bu ösüşler, bagta sary uzaýan menziller adam hakyndaky edilýän aladanyň baş maksatdygyny her ädimde aýdyň görkezýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň saýasynda şan-şöhrata beslenen mekanymyz asudalygyň hem agzybirligiň, bagtyýarlygyň hem eşretli ýaşaýşyň, ösüşleriň hem özgerişleriň amal edilýän ýurdy hasaplanýar. Bu güneşli mekan milli gymmatlyklaryna, gadymy däp-dessurlaryna, baý medeniýetine uly sarpa goýýan halkyň ýaşaýan topragy hökmünde tanalýar.

Amangül NURMYRADOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar