Uly ruhubelentlige beslenen ýaryş

8 Dekabr 2023
368

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bolsa ýurdumyzyň sport abraýynyň dünýä derejesinde artýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Dünýä çempionatynyň badalga alan gününde «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen halkara mediaforum geçirilip, oňa Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Maksatnamanyň çäklerinde olar ýurdumyzyň dürli muzeýlerine, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Seýit Jemaleddin metjidine, ýaryşlara tomaşa etmek üçin ýörite janköýer zolaklarynyň döredilen ýerlerine — «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp gördüler.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar