Parahatlyk ýoly bilen, öňe!

8 Dekabr 2023
425

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat häkimliginde «Bitaraplyk ýoly ― parahatlyk ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ony welaýat häkimligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar sebit boýunça wekilhanasy bilen bilelikde gurady.

Maslahatda guraýjy taraplaryň wekillerinden başga-da, ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, welaýat kitaphanasynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, dünýäniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwleti bolan Türkmenistan saýlap alan parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilmegini gazandy. Şeýlelikde bu şanly sene bütin dünýäniň baýramyna öwrüldi.

Beýleki habarlar