Türkmenistanyň futbol çempionatynda 2023-nji ýylyň çempiony belli boldy. 23-nji tapgyrda «Altyn asyr» toparyndan 4–0 hasabynda üstün çykan «Arkadag» topary möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, çempionlygyny yglan etdi. Duşuşykda «Arkadag» toparyna ýeňiş getiren gollary 44-nji we 68-nji minutlarda Welmyrat Ballakow bilen 58-nji we 60-njy minutlarda Didar Durdyýew geçirdi. Şunlukda, şu möwsümden başlap, ýurdumyzyň çempionatynda çykyş edip başlan
«Arkadag» topary ilkinji möwsüminde çempion bolmagy başardy. Topar geçiren 20 duşuşygynyň ählisinde-de ýeňiş gazanyp, 60 utuk toplady. 5 oýny galan 44 utukly «Altyn asyr» toparynyň birinji orna bolan mümkinçiligi galmady.