Taryhy hakykat we çeper hakykat

7 Dekabr 2023
1028

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar bilen birlikde, türkmen edebiýaty hem ösüşiň täze eýýamynda belent sepgitleri nazarlap öňe barýar. Ýazyjy-şahyrlarymyz dürli mowzukda ajaýyp şygyrlary, kyssa we drama eserlerini döredip, edebiýatymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlygymyzyň gözbaşlaryna ünsi çekip: «Garaşsyzlygy gazanmak bilen, döwletimiziň öňünde örän çylşyrymly meseleleri çözmek wezipesi keserip durdy: jemgyýetçilik-syýasy gurluş üýtgeýär, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaly, ruhy özgerişler bolup geçmeli... Bular örän köp zähmeti we berk oýlanyşyklylygy talap edýän wezipelerdir» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň adalatly nygtaýşy ýaly, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyň üýtgemegi, ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy ruhy özgerişlere hem giň ýol açýar. Halkyň ruhy dünýäsiniň bir ganaty milli edebiýat hasaplanýar.

Garaşsyzlyk döwründe taryhy mowzukda ýazylan eserlerde türkmen halkynyň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetlerine, milli gymmatlyklaryna aýratyn orun berilýär. Taryhy romanlarda ýazyjylarymyzyň türkmen halkynyň geçmişindäki taryhy şahslaryň keşplerini arhetipleriň (grekçe, arche — başlangyç, typos — obraz), ýagny türkmen edebiýatynda dürli döwürlerde döredilip, döwürleriň synagyndan geçen, watançylyk, mertlik, harby-gahrymançylyk, ynsanperwerlik, adamkärçilik ýaly belent häsiýetleri özünde jemleýän nusgalyk keşpleriň täsirinde, döwrebap ruhda döredýändiklerine göz ýetirmek bolýar.

Myrat TUWAKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar