Türkmenistanyň Bitaraplygy — ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň ýoly

7 Dekabr 2023
450

Ýurdumyz şanly seneleriň bosagasynda. 12-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy — Halkara Bitaraplyk güni, 10-njy dekabrda bolsa, adam hukuklarynyň halkara güni uludan bellenýär. Bu şanly seneleriň utgaşyp gelmeginiň çuňňur manysy bar. Bularyň ählisiniň mazmunyndan parahatçylyk, abadançylyk ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk taglymaty ynsanperwerligiň, parahatçylygyň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň girewidigini yzygiderli tassyklaýar.

Bitarap Türkmenistanda häzirki döwrüň bedew batly ösüşiniň esasy ugry ylymda, innowasiýalarda, yzygiderli senagatlaşmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmekde ýüze çykýar. Bu ösüşleriň ählisi-de Bitaraplyk taglymaty bilen pugta baglanyşyklydyr. Arkadag şäheri onuň aýdyň mysalydyr. 2023-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär. Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar