Hoşniýetli ýörelge

6 Dekabr 2023
374

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň kabul edilmegi diňe sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan wakadyr.

Gahryman Arkadagymyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny — ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýyly halkara derejede «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklip bilen çykyş etmegi bolsa hoşniýetli daşary syýasy ýörelgä ygrarlylygyň nobatdaky ýüze çykmasydyr. Milli, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň ygtybarly guraly hasaplanýan baky Bitaraplygyň tutuş dünýä bileleşiginiň gymmatlygyna öwrülmegi döwletimiziň daşary syýasy işinde gazanan uly üstünlikleriniň hatarynda durýar. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda parahatçylygy we asudalygy gymmatlyk derejesine göterip, arzylap gelen halkdyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini okanyňda hem aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar.

Arslanmyrat Rejepmyradow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar