Şanly sene

6 Dekabr 2023
528

Agzybir hem-de bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär, aýdym-sazly dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024—2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda bu şanly sene diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde uly ruhubelentlik bilen baýram ediler.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem şanly dabaralara halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar uly höwes bilen işjeň gatnaşýarlar. Ýörite guralýan ylmy maslahatlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, aýratynlyklary barada çykyşlar guralýar.

Gözel AÝNAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar