Bitaraplyk joşgun berýär diýara

6 Dekabr 2023
425

Halkymyzyň agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen toýlajak hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramynyň merjen paýtagtymyzyň keşbinde hem özboluşly şöhlelenýändigini aýratyn bellemek gerek. Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanyna döredilen bezegler we «Baky Bitarap Türkmenistana 28 ýyl» ýazgylary paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň toý şatlygyny goşalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýan Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy bilen bilelikde, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny has-da berkeýär. Türkmen döwletiniň ileri tutýan we yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy ugurlary, öňe sürýän wajyp başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma we goldaw bilen garşylanýar.

Ata ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar