Röwşen geljegiň baky binýady

6 Dekabr 2023
421

Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk — röwşen geljegimiziň baky binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tutuş dünýäde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlangyçlarynyň umumadamzat üçin gymmaty dogrusynda giňişleýin belläp geçdi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar