Parahatçylygyň beýik dabaralanmasy

7 Dekabr 2023
446

Parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek gadymy we müdimi türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda türkmen Bitaraplygy parahatçylygy, durnukly ösüşi we ylalaşygy ündeýän, halklary dostluga we bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän taglymat hökmünde bu günki gün bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň iki gezek ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Öz saýlap alan ýoluna ygrarly berkarar Watanymyz daşary syýasatynda dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda, esasan hem, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişlidir. Şol sanda Türkmenistan tutuş dünýäde öz Konstitusiýasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny girizen ýeke-täk döwlet bolmak bilen, bu gurama we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi öz halkara gatnaşyklarynyň esasy ugry hasaplaýar. Ýurdumyzyň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise başlyklygyna saýlanylmagy, dünýäniň belent münberinden türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlarynyň uly seslenmä eýe bolmagy Milli Liderimiziň netijeli daşary syýasatynyň halkara ykrarnamasydyr.

Aziza DÖWRANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar