Bitaraplyk — asudalyk, parahatçylyk hem agzybirlik

6 Dekabr 2023
484

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen güni bolan 12-nji dekabr taryhymyzyň altyn sahypalarynda orun tutdy. Bu sene parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetligi dabaralandyrýan, halkara derejede uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyga öwrüldi. Bitaraplyk baýramy abadançylygyň, gülläp ösüşiň nyşany hökmünde uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki orny barha pugtalanýar. Ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Ol halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän dost-doganlyk, ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagydyr, şol asylly ýörelgeleriň Ýer ýüzünde ykrar edilmegidir. Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen, syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny parahatçylygyň we tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirýär.

Oguljennet ANNAGELDIÝEWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar