Beýik gymmatlyk hem ählumumy taglymat

6 Dekabr 2023
407

Taryha ser salanymyzda, merdana halkymyzyň goňşy halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barandygynyň şaýady bolýarsyň. Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçmegi bolsa, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk netijesinde emele gelen gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna getiripdir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyza Bitaraplyk derejesiniň berilmegi bilen, bu gatnaşyklar täze basgançaklara çykdy. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän birek-biregi hormatlamak, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşmak ýaly milli ýörelgeleri bitaraplyk syýasatymyzda öz beýanyny tapýar. 

Gün-günden ösüşlere beslenýän Diýarymyzyň alyp barýan syýasatynyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellemek gerek. ªunuň ýaly ynsanperwer işleriň netijesinde döwletimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň beýgelmegi bizi has-da buýsandyrýar. Bitaraplyk hukuk derejämizi alanymyzdan bäri geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň dünýä we sebit möçberinde geçiren işleri, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler döwletimiziň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. 

Muhammet BEGJANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Balkanabat şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar