Berkararlygyň baky binýady

6 Dekabr 2023
376

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Bu gün biz Halkara Bitaraplyk gününi uly dabaralar bilen garşylaýarys. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam bildirmek we ýardam bermek esasynda gatnaşyklary ösdürip, köp ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, söwda we medeni ugurlarda gatnaşyklary berkidýär. Köp asyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmek, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga hem-de berkitmäge, ykdysady, söwda, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär.

Toýguly ISAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.
Beýleki habarlar