Ajaýyp sport baýramçylygynyň ýatdan çykmajak pursatlary

29 Noýabr 2023
165

­Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge ukyplydygyny ýene bir gezek Ýer ýüzüne äşgär etdi. Soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda dünýäniň üns merkezinde orun alan ak mermerli Aşgabadyň şaýollarynydyr köçelerini bezeýän ýazgylarda abraýly halkara ýaryşyň şowhuny giňişleýin şöhlelenýär. Türkmen we iňlis dillerinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar bilen bezelen nyşanlardyr bannerler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň we beýleki gözel ýerleriniň görküne görk goşýar. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde dünýäniň möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr.

Myhmanlar üçin mynasyp şertler

Beýleki habarlar