47 ýyl­dan soň 2-nji kubok

1 Dekabr 2023
243

Ten­nis bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň (er­kek­ler) ara­syn­da ge­çi­ril­ýän De­wis Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň Ma­la­ga şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ryn­da ital­ýan­lar çär­ýek fi­nal­da Ni­der­land­lar­dan, ýa­rym fi­nal­da-da serb­ler­den 2:1 ha­sap­lar bi­len üs­tün çyk­dy. Fi­nal­da Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny-da 2-0 ýe­ňen ital­ýan­lar 47 ýyl­dan soň 2-nji ge­zek De­wis Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da Mat­teo Ar­nal­di Alek­seý Po­pi­ri­ni 2:1 (7:5, 2:6, 6:4), 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da Ýan­nik Sin­ner Aleks de Mi­nau­ry 2:0 (6:3, 6:0) ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu 2 ýe­ňiş­den soň jü­büt­le­ýin du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň zerurlygy hem gal­ma­dy. Şun­luk­da, Ýan­nik Sin­ner, Lo­ren­zo Mu­set­ti, Lo­ren­zo So­ne­go, Mat­teo Ar­nal­di hem-de Si­mo­ne Bo­lel­li da­gy­dan dü­zü­len Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da­ky 2-nji De­wis Ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di.

Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy mun­dan öň di­ňe 1976-njy ýyl­da çem­pi­on bo­lup­dy. Olar şon­da şol wagt­ky Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­ny ýe­ňip­di. Fi­nal­da 6 sa­par utu­lan Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy De­wis Ku­bo­gy­ny 2 ge­zek ga­za­nan 11-nji ýurt hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Beýleki habarlar