Ekologiýa abadançylygy

30 Noýabr 2023
1229

Ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly maslahat hem-de sergi guraldy. Maslahatda çykyş edenler muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada aýtdylar we ekologiýa ulgamy bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliligini bellediler.

Ekologik howpsuzlygy giňden wagyz etmek maksady bilen guralan bu sergide muzeý gaznasyndaky gymmatlyklardan ekologiýa ulgamyna degişli esbaplar we ösümlikler dünýäsiniň eserler toplumy görkezildi.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar