Sport diplomatiýasynyň guwandyryjy üstünlikleri

29 Noýabr 2023
240

Dünýä jemgyýetçiligi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny ýene bir gez belende göteren möhüm wakanyň şaýady boldy. Ýurdumyzda Kuraş boýunça ÕIV dünýä çempionaty geçirildi.

Turuwbaşdan bir hakykaty aýratyn belläp geçmek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ata Watanymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy wakalardyr.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».
Beýleki habarlar