Dünýä derejesindäki sport baýramçylygy

29 Noýabr 2023
171

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz — dünýäde sport döwleti hökmünde ykrar edilen ýurt. Bu ykrarnama Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylan dünýä nusgalyk beýik işleriň netijesinde eýe bolnandygy aýdyň hakykat. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň Ýer ýüzünde sport döwleti diýlip ykrar edilmeginiň gözbaşynda durýan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowamat-dowam bolýandygyna her birimiz şaýat. 23 — 28-nji noýabr aralygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen bu hakykat ýene bir ýola dabaralandy.

Ýurdumyzyň halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülen Kuraş boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň yklymlaryndan 500-e golaý wekili türkmen paýtagtynda jemledi. 1999-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän, 2002-nji ýyla çenli her ýylda, şondan bäri bolsa her iki ýyldan bir sapar guralýan Kuraş boýunça dünýä birinjiligi Diýarymyzyň dost-doganlygyň, parahatçylygyň, sportuň mekanydygyny, ýurdumyzyň islendik derejedäki uly ýaryşlary iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirip bilýändigini ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen aýan etdi. Agram derejeleriniň 15-si boýunça geçirilen ýaryşlarda türkmen türgenleriniň 5 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç medala eýe bolmaklary, medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan ep-esli öňe geçmekleri, ýaşyl Tugumyzyň al-asmanda parlap, Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanmagy bolsa, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek babatda amala aşyrýan nusgalyk işleriniň aýdyň netijesidir.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar