Innowasion çemeleşmeler

28 Noýabr 2023
1166

Eziz Watanymyzyň ykdysadyýetini köpugurly esasda ösdürmegiň wezipeleri milli maksatnamalarda giňden bellenilýär. Ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň ýurdumyz dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine, ýerasty tebigy suwlaryna baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak, himiýa senagatyny hem-de himiki tehnologiýalary ösdürmek şu günüň esasy talabydyr.

Ýurdumyzda nebithimiýa pudagynyň kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň gurulmagy bu ulgamda iň soňky ylmy we tehniki gazanylanlary, öňdebaryjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nazara alnyp amala aşyrylýar. Şol tehnologiýalar bolsa, çig malyň doly gaýtadan işlenilmegini hem-de ýangyç-çalgy serişdeleriniň köp görnüşleriniň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň hem-de hil babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän beýleki önümleriň çykarylmagyny üpjün edýär.

Güljemal ORAZBEGENJOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar