Kuraş boýunça dünýä çempionaty: ilkinji şowly netijeler

27 Noýabr 2023
235

Kuraş boýunça dünýä çempionaty — 2019-yň altyn medalynyň eýesi, 52 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna wekilçilik edýän Aýnur Amanowa Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyndaky çykyşyna hem ýeňiş bilen başlady.

Ýaryşa çärýek finaldan girişen türkmenistanly türgen moldowaly Wera Zoreany ýeňip, adyny ýarym finala ýazdyrmagy başardy. Bu bolsa Aýnuruň şu gezekki çempionatda hem azyndan bürünç medaly gazanmagyny kepillendirýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar