Gadymy taryhly kuraş

24 Noýabr 2023
1041

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Kuraş göreş görnüşleriniň arasynda iň gadymylarynyň biridir.

Taryha ser salsak, kuraşyň dörän, kämilleşen ýeri Özbegistan Respublikasy hasaplanylýar. Kuraş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirildi. Kuraş ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizilipdi. Bu abraýly ýaryşda kuraş boýunça göreşen pälwanlarymyz ençeme medala mynasyp boldular. 2017-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary 7 medal gazandylar.

Azat Muhadow,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň GOÝÇÝSM-niň direktory.
Beýleki habarlar