Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçiriljek innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar

24 Noýabr 2023
440

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýet 2023-nji ýylyň 22 — 25-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça Aziýa ösüş banky tarapyndan guralan bu çäräniň maksady bilim we tejribe alyşmak, torlary döretmek we innowasiýa çözgütleri taýýarlamak hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça mehanizmleri gözlemek üçin meýdançany üpjün etmekden ybarat. Üç günüň dowamynda sammite gatnaşyjylar sanly ykdysadyýetiň öňdebaryjylary, syýasatçylar we telekeçiler bilen duşuşmaga mümkinçilik alarlar.

Beýleki habarlar